logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /«Creativeworld-2023» halkara sergisi geçirildi
  21.02.2023
1252
«Creativeworld-2023» halkara sergisi geçirildi

Golaýda, Germaniýanyň Frankfurt şäherinde «Creativeworld-2023» halkara sergisi geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň  ̶ Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Sergä gatnaşanlar ýurdumyza gaýdyp gelenlerinden soň, Aşgabatdaky Fransiýa institutynda «Creativeworld-2023» sergisi bilen tanyşdyrylyş boldy, oňa «Sungat bazarlaryna» we «Ussatlar ýarmarkalaryna» işjeň gatnaşýan senetçiler - Frankfurt şäherinde görkezilen önümleriň eýeleri gatnaşdylar.

Sergä gatnaşyjylara milli lybaslarymyz we el işleri görkezildi. Bu bolsa sergä gelenleri, myhmanlary haýran galdyrdy. «Creativeworld-2023» sergisinde beýleki ýurtlaryň ekspozisiýalaryna hem özara gyzyklanma döredi. Gazak we gyrgyz senetçileriniň keçeden hem-de ýüpekden döreden önümleri ünsi çekdi.

Geçirilen sergi türkmen ussatlaryny halkara derejesine çykardy. Indiki sergä gatnaşjaklar 10 tapgyrda saýlanylar. 

 

Arzuw HOJAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.