logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /Çüýşe şekilli  gurbagalar
  17.04.2023
1991
Çüýşe şekilli  gurbagalar

Çüýşe şekilli gurbagalar maşgalasy (Centrolenidae) – Günorta Amerikanyň tropiki tokaýlarynda derýalaryň we akymlaryň boýunda ýaşaýan kiçijik gijeki agaç gurbagalarynyň toparydyr. Bu gurbagalaryň 100-den gowrak görnüşleriniň bardygy belli edildi. Aýna şekilli  gurbagalar geçip bolmajak diýen ýaly batgalyk ýerlerde ýaşaýarlar. Bu amfibiýalaryň köp görnüşleriniň bardygy soňky ýyllarda belli edildi  we ýakyn wagtda täze görnüşlerine garaşylýar. Gurbagalaryň esasy aýratynlygy garyn we arka üstündäki derisiniň aýna şekilli bolmagyndadyr. Adynyň gelip çykmagy hem şol bilen baglanyşyklydyr. Olaryň köpüsi ownuk ak, sary, gök tegmiller bilen açyk ýaşyl reňkde bolýar. Aýna gurbagalar kiçi – uzynlygy 2-3 santimetre ýetýär.

Akymlaryň boýundaky ýaşaýan gijeki gurbagalar gündizleri tapmak gaty kyn bolan çygly hapalarda gizlenýärler. Olar ajaýyp awçylardyr. Olarda ownuk ýyrtyjylaryny çalt tapmaga mümkinçilik berýän  ajaýyp 45 ˚ ýokary görüş ulgamy bar. Pidany gören aýna gurbagalar, birnäçe santimetr aralykdan açylan agzy bilen ylgaýarlar. Çüýşe şekilli gurbagalar käbir ýurtlarda bezeg hökmünde saklanýar.

Öý şertlerinde çüýşe şekilli gurbagalary kiçiräk terrariumlarda (ýer-de suwda ýaşaýanlary, süýrenijiler saklanýan kiçijik jaý) saklanýar. Gurbagalar özüni oňaýly duýmagy üçin  terrariumda degişli we oňaýly şertleri döretmeli. Terrariumy ýeterlik  mukdarda ýokary temperatura, çyglylyk, adaty yşyklandyryş, iýmit we gowy howa çalşygy bilen üpjün etmeli. 

 

Şirin HANDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.