logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /«CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
  21.03.2024
545
«CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan 18-19-njy martda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

 

Bäsleşigiň ýokary – Gran-pri baýragyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary mynasyp boldy.

 

Birinji orunlaryň ikisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi.

 

Ikinji orunlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary eýelediler.

 

Ýurduň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçünji orunlaryň eýeleri boldular.

 

Talyplaryň arasynda geçirilen toparlaýyn IT-bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar ulgamynda bilim derejelerine we ukyp-başarnyklaryna baha bermäge, bu ugurda ösen pikirlenişi bolan hem-de häzirki zamanyň sanly dünýäsinde erkin ugur almaga ukyply has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

 

«CyberQuest» talyplar üçin öz mümkinçiliklerini açmaga, toparda işlemek başarnyklaryny görkezmäge hem-de IT ulgamynda öňde goýlan wezipelere hötde gelmäge ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

 

Şundan ugur alnyp, bäsleşigi geçirmegiň maksadyna doly derejede ýetildi. Şol maksatlaryň hatarynda ýaşlaryň ylmy işlerini höweslendirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanmaga we sanly çözgütleri döretmäge, giňden pikirlenmäge hem-de çylşyrymly wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyp-başarnykly, işjeň ýaşlary terbiýelemek we goldamak baradaky maksatlar bar.

 

Aýna ATAGELDIÝEWA,

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 

institutynyň mugallymy.