logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Dabaraly çäre geçirildi
  12.09.2022
815
Dabaraly çäre geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tassyklan iş meýilnamasy esasynda Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki medeniýet öýünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31-ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz!” atly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi geçirildi.

 

 

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli baýramlarymyzy we şanly senelerimizi agzybirlikde, jebislikde garşy alýarys. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýurdumyzyň baş baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 31-ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Munuň özi bolsa ähli kärde zähmet çekýän işgärleriň jemgyýetçilik ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen, milli agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

 

 

Dabaranyň dowamy medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşyp gitdi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmekde, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmakda alyp barýan işleriniň waspy belentden ýaňlandy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda halkymyza  baky bagtyýarlygy ýaran eden hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

Gurbanmyrat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.