logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
  03.10.2019
1047
DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

    Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 16-njy sentýabrynda  sanly ulgam arkaly geçiren wideokonferensiýada ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen baglanyşykly  aýdylan hoş habar Ahal welaýatynyň bagtyýar ilatynda egsilmez şatlyk döretdi. Munuň şeýledigine welaýatyň dürli künjeklerinde giň gerimde geçirilýän dabaraly maslahatlarda aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

     Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahat örän täsirliligi we işjeňligi bilen tapawutlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýat boýunça wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçiligiň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Onda çykyşlara giň orun berildi.

    Dabaraly maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň Hazar  strategiýasynyň ähmiýetiniň  BMG-niň resminamalarynda öz beýanyny tapandygynyň buýsançly alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň  dünýäde  parahatçylygy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreş babatynda häzirki zaman ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan Hazar meselelerine berýän ünsi we bu ugurda edýän taýsyz tagallalary uly gyzyklanma eýedir.

    Dabaraly maslahatda milli Liderimiziň halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylygy söýmek, ynsanperwerlik häsiýetleriniň we däpleriniň dowam etdirilmegi, täze öwüşginde baýlaşmagy we kämilleşmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary barada aýratyn gurrüň edildi hem-de ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, türkmeniň mertebesini Ýer ýüzünde arşa göterýändigi üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.