logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Dabaraly maslahat geçirildi
  08.05.2023
956
Dabaraly maslahat geçirildi

Golaýda, Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde Ahal welaýat häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletlilik taglymaty we wekilçilikli edaralar ulgamynyň milli nusgasy» atly maslahaty geçirildi.

Bu dabaraly maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, Tejen, Ahal welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň ýaşuly nesliniň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatda çykyş edenler şu ýylyň 20-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy barada giňişleýin aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp sanly, wajyp ähmiýetli işleri alyp barýarys. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak gelejekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilýändigi, ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegi, abraý-mertebesiniň belende galmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýandygy, halkymyzy eşretli durmuşa ýetirendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy. 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň
başlygy.