logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Dag arçasy
  28.08.2021
1134
Dag arçasy

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji “Tebigy dermanhana” bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik agaçlaryň biri hem dag arçasydyr.

Dag arçasy uzak ýaşaýan agaçlaryň biri bolup, “Ýaşaýşyň nyşany” diýip atlandyrylýar. Ol daglaryň derelerinde, baýyrlarynda ösýän, tebigatymyzyň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir. Arçanyň berk, owadan hem agyr agajy bar, ol uzak wagtlap suwda hem çüýremeýär. Dag arçasy tebigatyň gazaply şertlerinde howanyň temperaturasynyň 40 gradus yssysyna, 30 gradusa çenli sowugyna uýgunlaşandyr. Dag arçasy halk lukmançylygynda ýaralary bitiriji, peşew çykaryjy, agyryny peseldiji serişde hökmünde we boýag öndürmek üçin ulanylýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri bolan dag arçasy Bäherden etrabynyň Garry-Nohur hem-de Garawul obalarynda hem ösüp ýetişýändigi dogrusynda bellemek bolar. Arçanyň ýapragynda, şahasynda, tohumynda gandyň dürli görnüşleriniň, efir ýagynyň bolanlygy sebäpli, halk hojalygynyň hajatlary, halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Dag arçasynyň gök şahasyndan alynýan ýakymly ysly efir ýagy lukmançylykda inçekeseli, böwrek keselini bejermekde, ýara çalynýan melhem taýýarlamakda peýdalanylýar.

Özünden bölüp çykarýan uçujy “ Fitonsit” maddalary bilen howany zyýanly mikroblardan arassalaýar. Türkmen halk lukmançylygynda arçanyň miwesinden, ýapragyndan edil ýüzärligiň tütedilişi ýaly edip, jaýyň içindäki kesel dörediji bakteriýalary ýok etmek üçin tütedilýär. Mundan başga-da tohumy gözüň görejini ýiteltmek üçin ulanylýar. Ata-babalarymyz gadymdan bäri Köýten sebitlerinde “Tamdyrlama” atly milli nahar bişirilende arçanyň gök ýapraklaryny we şahalaryny ulanypdyrlar.