logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Dag demir tikeni
  27.04.2021
4892
Dag demir tikeni

      Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji “Tebigy dermanhana ” bolanlygy üçin biziň ata –babalarymyz  olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp, saglygyna melhem tapypdyrlar.  Şol melhemlik ösümlikleriň biri bolan dag demir tiken oty Bäherden etrabynyň Garawul obasynda hem ösüp ýetişýändigi dogrusynda bellemek bolar. Demir  tikeniniň  tohumy  şugundyryň   tohumy   ýaly   bolýar.  Ol     ot  dagda   köp gabat gelýär.  Bu  dermanlyk  ösümligiň miwesi halk lukmançylygynda adamyň  böwreginde we öt haltada sowuklama ýüze çykanynda peýdalanylýar.

       Demir   tikeni  ulanmagyň   usuly.  Demir  tikeni  bir   çaý  atym  mukdarda  hasa  daňyp gaýnan suwa demlemeli. Taýýarlanan melhemi 3 wagtyna 10 gün içmeli we 10 gün dynç almaly, soňra ýene-de 10 gün içmeli. Şol melhem böwreklerdäki daşlary owradyp çykarmagy başarýar. Ylmy  lukmançylykda demir  tikeniň  miwesi  diňe bir böwrek hem-de öt halta sowuklamasynda däl-de eýsem beýleki sowuklama kesellerinde hem peýdalanylýar.