Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Dagdan agajy
  15.02.2023
1191
Dagdan agajy

Türkmen tebigaty goýnunda bitýän müň dürli agaçlar bilen örtülen. Hakyň gudraty bilen çogly topragymyzda gögerýän agaçlaryň her biri ynsan durmuşy üçin ýaramly. Ata-babalarymyz agaçlaryň birini dermanlyk hökmünde ulansa, ýene birinden hojalygyna zerur bolan esbaplary ýasapdyr. Pür-pudak ýaýradyp ösýän agaçlar ynsan durmuşyny daşky gurşaw bilen ruhy taýdan sazlaşyga eýe edipdir. Şeýle agaçlaryň biri türkmen durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan dagdan agajydyr.

Dag­dan uzak ýa­şa­ýan agaç. Ol 500 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar diý­ýär­ler. Dag­dan 15 — 20 ýa­şyn­da mi­we ge­ti­rip baş­la­ýar. Mi­we­le­ri ow­nu­jak, ga­by­gy hem ga­ty. Dag­da­nyň mi­we­si il için­de der­man­lyk se­riş­de hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Onuň üçin mi­wä­ni so­ka sa­lyp ow­rad­ýar­lar we eläp, al­nan tal­ha­ny ba­la ýa ýa­ga ga­ryp iý­ýär­ler. Tal­ha­na şe­ker ga­ryp, azyk­lyk iý­mit hök­mün­de-de ula­nyp bol­ýar. Dagdan agajynyň boýy 4-7 m (seýrek ýagdaýda 12 m çenli) ýetýär, onuň ýylmanak çal gabygy bar, ýaş şahalary goňur ýa-da gyzgylt-goňur reňkde bolýar. Ol mart-maý aýlary aralygynda gülleýär, miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Güýz aýlarynda onuň ýapraklary gyzyl reňke öwrülýär. Bu agaç örän haýal ösýär, ýagtylygy we guraklygy halaýar. Dagdan agajy tohumyndan we şitilinden köpelýär. Yssy wagtlar ýapraklar ýygrylmaga ukyply bolýar.

Dagdan neçjarçylyk işinde giňden ulanylýan agaçlaryň biri bolupdyr. Dagetek obalarynda ýaşaýan adamlar öňki döwürlerde ýaşaýyş jaýlaryny guranlarynda, ony pürs ýa-da üçek örtgüsi hökmünde ulanypdyrlar. Taryhçy alymlaryň aýtmagyna görä, gadymy Merwdäki Soltan Sanjaryň gümmeziniň, Köneürgenjiň, Nusaýyň käbir binalarynyň iç ýüzünden goýlan agaçlar dagdan agajy eken. Dagdandan ýasalan howut, el degirmeniniň sapy, azal, soky berkligi bilen onýyllyklardan aşmaga ukyply bolupdyr.

Halypa zergärler dagdany oguz türkmenlerinden galan mukaddes nyşan hasaplaýarlar. Şol zamanda her tire-taýpanyň öz oňony, nesilbaşysy, howandary bolup, kepderi, laçyn ýaly guşlar totem hasaplanypdyr. Şol totemler gelin-gyzlaryň bezeg şaýy bolan dagdanyň ýüzünde öz ornuny tapyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häli-häzire çenli dagdana mukaddes nyşan hökmünde garalmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. 

 

Merjen AÝMÄMMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.