logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /"Dalaşgär-2025" interaktiw platforma işe girizildi
  23.07.2025
2634
"Dalaşgär-2025" interaktiw platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işe girizilen “Dalaşgär – 2025” atly täze interaktiw internet-platforma ýokary okuw mekdeplerine resminama tabşyran dalaşgärler barada açyk maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmegi maksat edinýär.

 

Bu sanly ulgam arkaly dalaşgärler her bir hünär hem-de ýokary okuw mekdebi boýunça näçe adamyň resminama tabşyrandygyny görüp bilerler. Şeýle hem, olar degişli okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerleri we dürli bilim ugurlary boýunça bäsdeşlik derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

 

Sahypada ýerleşdirilen häzirki zaman statistiki maglumatlar geljekki talyplara we olaryň ene-atalaryna ýokary okuw mekdebini saýlamakda has anyk we pikirli çözgüt kabul etmäge ýardam berýär.

 

Bu innowasion çemeleşme kabul ediş döwründe aç-açanlygy ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň hünär ugurlaryny dogry saýlamagyna we ýurdumyzyň bilim ulgamynda açyk maglumat giňişligini döretmäge gönükdirilendir.

 

Enejan Ýoldaşowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Kerki etrap geňeşiniň sanly ulgam
boýunça hünärmeni.