logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Däne hasyly ýitgisiz ýygnalýar!
  31.05.2023
700
Däne hasyly ýitgisiz ýygnalýar!

Sarahs etrabynyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 22 müň 900 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bosagada duran jogapkärli orak möwsümine taýýarlykly gelýärler.

Ýetişdirilen hasylyň çalt we ýitgisiz ýygnalmagyny, kabul ediş nokatlaryna daşalmagyny üpjün etmekde tehnikalaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýygnalan hasyly däne kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamak üçin tehnikalaryň 325-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Kombaýnlaryň onlarçasy ýokary öndürijilikli, bökdençsiz işlediler.

Etrapda hasyly ýygnap almak boýunça düzülen iş meýilnamanyň çäginde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen toparlaryň 7-si galla meýdanlarynda oragyň gidişine doly gözegçiligi amala aşyrar. Galla kabul ediş kärhanasynyň däne ammarlarynda kabul ediljek hasylyň çyglylyk we hapalyk derejelerine seljerme işleri geçirilip, ol ýerlere degişli hünärmenleriň işe kabul edilmegine ähmiýet berler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Sarahsly gallaçy daýhanlar şu ýyl döwlet ammaryna 48 müň 100 tonna dänäni tabşyrmagy maksat edinýärler.