logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Däne hasylynyň ätiýaçlygy pugtalandyrylýar
  13.07.2025
513
Däne hasylynyň ätiýaçlygy pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň oba hojalygynda dowam edýän giň gerimli möwsümleýin işler ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek, ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we oba durmuşynyň hilini artdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň anyk miweleridir. Bugdaý oragynyň üstünlikli tamamlanmagynyň yz ýany, welaýatlaryň her birinde dürli ekinlere degişli işleri üstünlikli dowam etdirilýär.
 

Ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan ýygnalan ýokary hilli bugdaý hasyly häzirki wagtda degişli kabul ediş nokatlaryndan döwrebap enjamlaşdyrylan ammarlara we elewatorlara daşalýar. Bu işleriň maksady diňe bir şu günüň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak däl, eýsem ýurdumyzda däne ätiýaçlyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermekdir. Daşama we saklama işlerinde ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň peýdalanylmagy hasylyň hiliniň we mukdarynyň saklanylmagyny üpjün edýär.
 

Orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýokary hilli tohumlaryň taýýarlanylmagy, oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme doly taýýar edilmegi bilen birlikde, daýhanlar has-da netijeli iş guramaga mümkinçilik alýarlar. Bu meýilnamalaýyn ädimler ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň berk binýadyny düzýär.
 

Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, dökün bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak ýaly agrotehniki işler utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem Lebap we Daşoguz welaýatlarynda şaly meýdanlaryna edilýän ideg işleri, Mary welaýatynda dowam edýän gant şugundyry ekilişi bilen bilelikde ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň köpdürlüligini üpjün edýär. Bu çäreleriň ählisi ösüşleriň ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk meýilleşdirilen ugrukdyryş bilen alnyp barylýandygyny görkezýär.
 

Türkmenistanda ilatyň azyk bilen durnukly üpjünçiligini gazanmak maksady bilen gök-bakja ekinleriniň we ýeralmanyň ýygnalyp halka ýetirilmegi boýunça işler giň gerime eýe. Şol bir wagtda güýz möwsüminde ekiljek gök ekinleriň tohumlarynyň we ýerleriniň taýýarlygy hem çäkli bolmadyk möçberde alnyp barylýar. Bu işler içerki bazaryň öz-özüni üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, importdan garaşlylygyň azaldylmagyna hem gönükdirilendir.
 

Oba hojalygynda alnyp barylýan häzirki işler döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň we azyk howpsuzlygynyň möhüm sütüni hökmünde çykyş edýär. Tohumçylykdan başlap ammarlara çenli ähli ugurlar boýunça giňişleýin we ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň oba hojalygy täze ösüş sepgitlerine ýetýär. Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleri – diňe bir galla oragy däl, eýsem tutuş ýyl boýunça dowam edýän yzygiderli ösüşdir.
 

Batyr MUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.