logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /DÄNE ORAGY-JOGAPKÄRLI MÖWSÜM
  16.06.2020
841
DÄNE ORAGY-JOGAPKÄRLI MÖWSÜM

       Ahal welaýatynyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Tejen etrabynyň gallaçy-kärendeçileri hem däne oragyny guramaçylykly dowam etdirýärler. Orak mösümi etrap häkimliginiň ýörite taýýarlanylan iş meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. Bu işe däne orujy kombaýynlarynyň täze gelip gowşan tapgyrlary hem gatnaşdyrylýar.

      Şu günki-gün däne oragynda toparlaýyn usulda gije-gündüziň dowamynda işler alnyp barylýar. Bu ugurda awtoulaglaryň ýygnan hasyly bökdeçsiz daşalmagyna iňňän uly ähmiýet berilýar. Ol awtoulaglaryň arasynda döwlet, hususy tehnikalaryň bardygy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

       Däne oragyna gatnaşyjylara medeni durmuş şertleriň göwnejaý ýola goýulmagy, tehnikalara hyzmatlaryň iş üstünde alnyp barylmagy zähmet öndürijiliginiň has hem ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu işde etrabyň jemgyýetçilik guramalaryna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Olar her 10 güniň dowamynda kärendeçileriň, sürüjileriň, kombaýynçylaryň arasynda guralan ýaryşyň jemleri jemleýärler we ýeňijileri iş üstünden sylaglaýarlar. Günortan arakesme wagtynda bolsa etrabyň medeniýet işgärleri tarapyndan zähmet adamlaryň armasy ýetirilýar.