logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Politics /Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi
  27.09.2026
31
Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklardan söz açýan duşuşyk geçirildi. Gepleşikde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, gruzin tarapyna bolsa ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani ýolbaşçylyk etdi.

 

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Döwletara gatnaşyklary berkitmekde yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy. Şunda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açandygy bellenildi. Bu möhüm ähmiýete eýe bolan saparyň dowamynda dostlukly döwletde birnäçe gepleşikleriň geçirilmegi, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çäreleriň guralmagy, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini alamatlandyrýar.

 

Gepleşigiň dowamynda adam hukuklaryny goramak bilen bagly hem-de parlamentara ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine seredildi. Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan netijeli işleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

 

Duşuşygyň ahyrynda Gruziýanyň Adalatçysy jenap Lewan Ioseliani türkmen tarapyna bildirilen mähirli we gyzgyn myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle hem ol Türkmenistany ýetip gelen baş baýram — Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly toýy bilen gutlady.

 

Käbe ÝAGMYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.