logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Daşary ýurt dilleri bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
  22.03.2025
1805
Daşary ýurt dilleri bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny synagdan geçirmek we dil öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen guralan Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry 19-20-nji martda Aşgabat şäherinde geçirildi.

 

Bäsleşik iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş derejesinde gurnaldy. Deslapky tapgyrlardan geçen jemi 203 diňleýji öz başarnyklaryny görkezdi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.

 

Netijelere görä, Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan 35, Balkan welaýatyndan 31, Daşoguz welaýatyndan 47, Lebap welaýatyndan 42 we Mary welaýatyndan 48 gatnaşyjy bäsleşige gatnaşdy.

 

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşigiň guralmagyna işjeň gatnaşan topar agzalary minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandy.

 

Has giňişleýin maglumat üçin.