logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçiriler!
  02.02.2023
1588
Daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçiriler!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň geçirilýändigini mälim edýär. Bu barada, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Döwlet bäsleşiginiň birinji tapgyry şu ýylyň 12-nji fewralynda okuw merkezlerinde, Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýaty boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz institutynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiriler.

Şeýle hem üçünji jemleýji tapgyry Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler.

Döwlet bäsleşiginiň guramaçylykly geçirmek üçin Guramaçylyk topary, Eminler topary we Gözegçi iş topary dörediler.

Esasy tapgyry bolan bäsleşigiň üçünji jemleýji tapgyry 2023-nji ýylyň 19-njy martynda geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Bäsleşigiň düzgünnamasyny şu ýerden görüp bilersiňiz!

Goşmaça habarlaşmak üçin telefon belgileri
:   + (99312) 44-84-00 / 44-84-52.