logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Daşary ýurt sürüjilerine Türkmenistanyň çägine girmegine rugsat berildi
  07.11.2022
1181
Daşary ýurt sürüjilerine Türkmenistanyň çägine girmegine rugsat berildi

2022-nji ýylyň 7-nji noýabryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portundan, Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen Türkmenistanyň çägine gelmeklerine, gitmeklerine hem-de üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi. Bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda berilýär.

Şeýle hem habarda, sürüjileriň bildirilýän talaplary berjaý etmelidigi ýatladylýar.