logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Daşary ýurt wekilleri OGT-2023 halkara maslahat, sergisine teleköpri arkaly gatnaşdylar
  27.10.2023
562
Daşary ýurt wekilleri OGT-2023 halkara maslahat, sergisine teleköpri arkaly gatnaşdylar

Paýtagtymyzda Aşgabatda ýerleşýän Söwda we senagat edarasynda OGT-2023 "Türkmenistanyň nebiti we gazy -2023" atly XXVIII halkara maslahat we sergisi geçirildi.

 

 

Halkara maslahat we sergini "Türkmengaz", "Türkmennebit", döwlet konsernleri, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu sergide esasan ýurdumyzyň energetika we nebit-gaz pudaklaryny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda geçirildi, dünýäniň onlarça döwletleri gatnaşdylar we sanly ulgam arkaly maslahatlar geçirildi.

 

 

Forumyň açylyşyna pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hökümet agzalary, nebitgaz toplumynyň işewür agzalary, maliýe institutyň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurt myhmanlary hem gatnaşdylar. Daşary ýurt abaraýly maýa goýum banklarynyň birnäçe wekilýetleri, maslahatlara sanly ulgam arkaly goşuldylar.

 

 

Forumyň ahyrynda ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde birnäçe şertnamalara gol çekildi.

 

 

Foruma gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize jan saglyk we alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Berdimyrat Ataýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.