logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Daşary ýurtda «Pyragy» atly ilkinji teatr oýny goýuldy
  11.04.2023
750
Daşary ýurtda «Pyragy» atly ilkinji teatr oýny goýuldy

Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda «Pyragy» atly oýun goýuldy.

«Pyragy» atly oýun goýulandan birnäçe wagt soň Batken welaýat sazly-drama teatrynda görkeziliş dabarasy geçirildi. Oýun türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp, bu oýun Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Pyragy» atly oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň başlangyjy bilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp goýuldy. Oýny goýan režissýor Urmatkan Meläýewa.

Bu çäre türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi mynasybetli daşary ýurtda gurnalan ilkinji teatr oýny bolup durýar.

«Pyragy» atly oýnuň Gyrgyzystanyň adyndan şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçiriljek IV halkara teatr festiwalyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

 

Gülşat HOJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.