logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Daşary ýurtlardaky 200 müň töweregi türkmen raýatynyň pasportlarynyň möhletleri uzaldyldy!
  15.03.2023
819
Daşary ýurtlardaky 200 müň töweregi türkmen raýatynyň pasportlarynyň möhletleri uzaldyldy!

Raýatlaryň daşary ýurtda galmak ýagdaýyny berkitmek üçin çözgüt tapmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek, Türkmenistana gelmek, daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşamak ýa-da hemişelik ýaşamak üçin, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda gutaran ýa-da gutarýan pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan şahsyýet resminamasynyň (12/31/2024 çenli) uzaldylmagy barada bellik goýulýar.

Häzire çenli daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň 200 müň töweregi pasportlarynyň möhletleri uzaldyldy.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlaryny uzaltmagyň tejribesiniň dowam edýändigini ýatladýarys! Bu barada TDIM-niň resmi web saýty habar berýär.