logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi
  18.10.2025
542
Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Daşkent şäherindäki Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistanyň Milli uniwersitetinde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre 2025-nji ýylyň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirildi.

 

Maslahata Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy, Özbegistanyň degişli döwlet guramalarynyň wekilleri, Magtymgulyşynas alymlar, medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk baradaky öňe süren garaýyşlary häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgeleriniň esasyny düzýändigini we bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini belledi.

 

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen däl, eýsem dünýä edebiýatyna goşant goşýandygyny aýtdylar. Onuň ynsanperwerlik, agzybirlik we parahatçylyk baradaky şygyrlary häzirki wagtda hem uly ruhy gymmatlyk hökmünde kabul edilýär. Şeýle-de Magtymgulynyň mirasynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşýandygy nygtaldy.

 

Döwletmyrat GARRYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.