Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Tebigat /Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň miwesi
  25.03.2023
705
Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň miwesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda eziz Watanymyz hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ençeme şöhratly taryhy ýadygärliklerimiz, milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşy nusgalary ÝUNESKO-nyň görnükli sanawynda orun alandyr. Bu bolsa medeni mirasymyzyň halkara derejesinde arzylanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesinde ÝUNESKO-nyň kafedralary we klublary hem açyldy. Bular bilen birlikde, bu abraýly guramanyň alyp barýan işleriniň çäklerinde biziň ýokary okuw mekdebimizde hem «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Kluby açyldy. Bu ÝUNESKO Klubynda talyp ýaşlardan düzülen işjeň agzalary bolup, olar Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolan daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek babatda ýurdumyzda geçirilýän dürli çärelere we bu ugurdaky wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşýarlar. Klubyň esasy maksatlary we wezipeleri – Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň hem-de olaryň döwletimiziň daşky gurşawy goramak syýasatynyň çäklerinde sazlaşykly we toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmakdan, degişli ugurlar boýunça ýöriteleşen professor-mugallymlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini höweslendirmekden hem-de degişli hünärleriň talyplarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakdan we olary ýörite meýilnama esasynda geçirilýän medeni-köpçülik we syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän şeýle asylly başlangyçlar ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralyp saklanmagyny we giňden wagyz edilmegini üpjün etmäge, dünýä ähmiýetli halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň has hem pugtalanmagyna şert döredýär. Bularyň ählisi hem, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan umumadamzat bähbitli asylly ýörelgeleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. 

 

Gowşut NURMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.