logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüş
  15.04.2023
960
Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüş

Türkmenistan Watanymyzda ekologik abadançylygy pugtalandyrmak, bu babatdaky başlangyçlary has-da ilerletmek, halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmagy oňyn sepgitlere atarýar. Häzirki wagtda bu ugurda milli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. BMG-niň biodürlülik, Çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, Ozon gatlagyny goramak, suw gorlaryny goramak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça ýola goýulýan çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Aral meselesine degişli çäkler ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm binýat bolup çykyş edýär. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Kabul edilen Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary biologik köpdürlüligi we tebigy baýlyklary goramak boýunça uly işler amala aşyrylmagyna şert döredýär. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça iň iri okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bag nahallarynyň yzygiderli oturdylmagy bilen, tokaý zolaklarynyň döredilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça umumydünýä tagallalaryna mynasyp goşantdyr. Türkmenistan ýurdumyz  BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda daşky gurşawy goramak boýunça ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar. Hazaryň kenarynda döwrebap şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň gurulmagy, olaryň halkara ekologik howpsuzlyk görkezijilerine laýyk gelmegi halkymyzyň abadan durmuşynyň gözbaşydyr. Şeýle-de ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň biodürlüliginiň artdyrylmagyna, ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagyna we netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen işleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle tebigaty goramak boýunça toplanan tejribä hem-de türkmen ylmynyň mümkinçiliklerine daýanylmagy ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak boýunça şeýle netijeli işleriň amala aşyrylmagy ata Watanymyzyň nurana ýollarda bedew batly ösüşini kepillendirýär. 

 

Hanymjan KURAMBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.