logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Daşky gurşawyň goraglylygy ugrunda
  13.01.2023
1273
Daşky gurşawyň goraglylygy ugrunda

Täze Galkynyşyň bady bilen nurlanýan Garaşsyz hem Bitarap Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaklyga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly üns berilýär. Bu ugurda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, gözel tebigatymyzyň bezegi bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek boýunça möhüm başlangyçlar alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz global ekologiýa meselelerini çözmegiň esasy ugurlary boýunça BMG-niň dürli halkara konwensiýalaryna goşulyp, olaryň işjeň agzasy bolup durýar. Dünýä ýüzünde ör boýuna galýan dürli ekologiki meseleleriň halkara hyzmatdaşlyk esasynda çözülmeginde dünýä döwletleriň jebisleşmegi hem-de bilelikde göreşmekleri esasy görkeziji hasaplanylýar. Ýurdumyzda Garagumuň çäginde Altyn Asyr Türkmen kölüniň döredilmegi hem diňe bir diýarymyzyň flora we fauna dünýäsine däl-de, eýsem tutuş Aziýa sebitiniň ekologiki ýagdaýyna täsir edýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygyň binýady yzygider berkidilýär we kämilleşdirilýär. «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda netijeli işler uly depginde ýola goýulýar. Bu bolsa diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň mynasyp derejede durmuşa ornaşdyrylýandygyny äşgär edýär. Aýratyn hem ýaş nesillerde ekologiki medeniýeti, ekologik terbiýäni kemala getirmek we ösdürmek baradaky işlere hem-de tebigatyň goraglylygyna berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipeleriň biridir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň arassalygyna gönükdirilen bu işleriň netijesinde ýaşyl bagy-bossanlyklar, ajaýyp tokaý zolaklary emele gelýär. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup hyzmat edýär. Şeýle bagtyýar döwrümizde sahawatly türkmen topragymyzyň, baý hem gözel tebigatymyzyň gadyryny bilip, oňa aýawly çemeleşmek her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudyr. Biz hem, şeýle asylly işleri bilen ýurdumyzy ösüşlere besleýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Mahym KÖSSEKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.