logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Daşoguz «Demirbetonönümleri» kärhanasy täze önümçiligi ýola goýdy
  06.01.2023
1126
Daşoguz «Demirbetonönümleri» kärhanasy täze önümçiligi ýola goýdy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň işgärleri täze ýyla uly zähmet hyjuwy bilen gadam basdylar. Geçen ýylyň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirildi.

Meýilnama boýunça ýyllyk 28 müň kub metr önüm öndürilmeli bolsa, bu ýerde takmynan 31 müň kub metr gurnama demirbeton önumleri öndürildi. Zawodyň geçen ýyl öndüren önümleriniň görnüş sany 80-den agdy. Olar 148 U belgili iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň böleklerinden, suw geçirijiler üçin demirbeton tokurtgalardan, betonlanan lagym guýulary üçin gapaklardan, plitalardan, beton ýol erňeklerinden we beýlekilerden ybarat boldy.

Zawod senagat pudagynda uly işjeňlik görkezmek bilen bir hatarda ýyldan-ýyla ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýaşaýyş jaý pudagynyň ösmeginde-de barha uly üstünlige eýe bolýar. Geçen ýyl kärhananyň gurluşyk bölümi bu ýerde dört sany iri panelli köp gatly ýaşaýyş jaýyny gurdy. Oňa onlarça maşgala göçüp geldiler. Zawodyň gurluşykçylarynyň, şol sanda kömekçi potratçy hökmünde-de, kerpiç jaýlaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýandygyny bellemelidiris.

Her ýyl öndürilýän önümleriň görnüşini artdyrmakda we göwrümini giňeltmekde, ýaşaýyş jaý gurluşygyna işjeň gatnaşmakda, kärhana täze tehniki serisdeleri ýola goýandan soň eýe boldy. Munuň netijesinde onuň bölümleriniň aglabasynda ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar işe başlady. 

 

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.