logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Daşoguz» Döwlet lomaý-bölek söwda firmasynda geçen ýyl süýji-kökeleriň 15 tonnasy öndürildi
  05.01.2023
1540
«Daşoguz» Döwlet lomaý-bölek söwda firmasynda geçen ýyl süýji-kökeleriň 15 tonnasy öndürildi

«Daşoguz» Döwlet lomaý-bölek söwda firmasynda öndürilen dürli görnüşli azyk önümleri baýramçylyk saçaklarynyň bezegine öwrüldi. Bu ýerde täze tehnologiýalar esasynda, ýokary hilli çörek, süýji, köke we şöhlat ýaly önümleriň onlarça görnüşi öndürilýär. Döwlet firmasynda geçen ýylyň dowamynda şöhlatyň dürli görnüşleriniň 35 tonna golaýy, süýji-kökeleriň hem 15 tonnasy öndürilip, söwda nokatlary arkaly alyjylara hödürlendi.

Önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde, kärhanada öndürilýän önümleriň mukdary hem-de görnüşi artdyryldy. Geçen ýylyň dowamynda döwlet firmasynda taýýarlanylan azyk önümleriniň pul mukdary 1 million manatlyga golaý boldy. Munuň özi önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolsa firmanyň önümçilik düzümini giňeltmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.