logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Daşoguz şäherinde täze onkologiýa hassahanasy açyldy
  27.05.2022
1740
Daşoguz şäherinde täze onkologiýa hassahanasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy bilen birlikde, 150 orunlyk täze onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary astynda toý bagyny kesip, döwrebap lukmançylyk desgasynyň aýry-aýry bölümleriniň işi bilen ýakyndan tanyşdy.

Onkologiýa hassahanasynyň umumy meýdany 5,9 gektara deň bolan 6 bölekden, 3 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybarat bolup, onda maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana, 50 orunlyk umumy onkologiýa, 50 orunlyk radiologiýa, 20 orunlyk himiýaterapiýa, 20 orunlyk gematologiýa, 10 orunlyk polliatiw hem-de 12 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri hereket edýär.