logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar!
  03.06.2023
905
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar!

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu sebitlerde tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerlerini we ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.