logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Daşoguz welaýatynda 2200 gektar meýdana güýzlük sogan ekildi
  28.11.2022
1082
Daşoguz welaýatynda 2200 gektar meýdana güýzlük sogan ekildi

Şu ýyl ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan geçen ýyldakydan iki esse köp ýere – 2200 gektar meýdana ekildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrap sebitde irki sogany ýetirişiriji etrapdyr. Bu ýerde sogan 550 gektar meýdana ekildi. S. A. Nyýazow adyndaky etrapda 480 gektar, Gubadag etrabynda bolsa 380 gektar ýere sogan ekildi. Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da güýzlük sogan ýetişdiriler, 2020-nji ýylyň gyşyndan bäri ol sebitde köpçülikleýin ýetişdirilip gelinýär.

Geçen ýyllaryň tejribesi soganyň şu usulda ýetişdiririlişinde sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, aýaza we kesellere has durnukly görnüşleriniň hem-de gyşky şitillere ideg etmegiň düzgünlerine berk eýerilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny görkezdi.

Güýzlük soganyň ýetişdirilmegi ekarançylara bazarlary ýokary hilli ter önüm bilen ýylboýy üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet tarapyndan ilatyň islegli azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini ardtyrmak boýunça obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary hem oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, kelemiň, kösükli we bakja ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. 

 

«Türkmenistan Altyn asyr»