Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Daşoguz welaýatynda hasyl toýy bellenildi
  14.11.2023
408
Daşoguz welaýatynda hasyl toýy bellenildi

Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem bu baýram uludan tutuldy. Baýramçylyk dabarasy Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu ýere ir säherden oba hojalyk işgärleri, welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, il sylagly ýaşulular we beýleki myhmanlar ýygnandylar.

 

 

Toý gününde meýdança ajaýyp görnüşler bilen bezelipdir. Bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, öz topragymyzda öndürilen azyk, senagat önümleriniň, daýhançylyk gurallarynyň, çeper elli gelin-gyzlaryň el işleriniň, olaryň şaý-sepleriniň, at esbaplarynyň, küýzegärçilik, amaly-haşam sungatynyň, «ak altynyň» täze hasyly bilen doldurylan horjunlaryň, şeýle hem bugdaý sümmülleriniň, tamdyrda täze bişirilen çörekleriň, pişmeleriň, beýleki milli nygmatlaryň sergileri guralypdyr. Şeýle hem sergide ýurdumyzda ýetişdirilen şirin-şeker gawun-garpyzlar, kädidir beýleki bakja önümleri ýerleşdirilipdir. Dabara gatnaşyjylar bereket-bolçulygy alamatlandyran bu sergilere uly buýsanç bilen syn etdiler. Baýramçylykda oba hojalyk ulgamynda oňat netije gökezen kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar şol sanda Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň dekany Wepa Halymowa Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 


Gülnaza NURULLAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.