logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Daşoguz welaýatynda sebit boýunça ilkinji hususy ammar öz işine başlady
  11.01.2023
1075
Daşoguz welaýatynda sebit boýunça ilkinji hususy ammar öz işine başlady

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda azyk önümleri üçin sebit boýunça ilkinji hususy ammar işläp başlady. Bu ammar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy R.Saburow tarapyndan gurdurdy.

0,7 gektar meýdany eýeleýän täze desgada ammarlar we edara jaýlary, zerur tehniki desgalar guruldy. Bu ýerde goýlan önümleri hiline zyýan ýetirmezden, uzak wagtlap saklamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ammar bir gezekde 30 tonna dürli haryt kabul edip bilýär. Häzir hususy ammar ýerli telekeçilerden şertnama esasynda ilkinji harytlary kabul etdi.

Daşoguz welaýatynyň telekeçileriniň günüň isleglerine we talaplaryna laýyklykda işleriniň gerimini yzygiderli giňeldýändigini bellemelidiris. Sebitde oba hojalyk önümçiliginiň we gaýtadan işleme möçberiniň artmagy olaryň ammar desgalarynyň ulgamyny ösdürmäge işjeň gatnaşmagyny kesgitledi. Mysal üçin, geçen ýyl Ruhubelent etrabynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin uly hususy döwrebap sowadyjy ammar işe girizildi, onuň ýöriteleşdirilen enjamlary dürli sygymly otaglarda önümleri ter-täze ýagdaýda saklamak we olaryň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin zerur şertleri awtomatik ýagdaýda döretmäge we dowamly saklamaga mümkinçilik berýär.

Birbada 350 tonna gök önümi we miwäni saklamak üçin niýetlenen bu desgany Daşoguz welaýatyndan Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar bileleşiginiň agzasy Sarybaý Hanbaýew gurdurdy.