logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan ekişi tamamlandy
  18.03.2022
1318
Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan ekişi tamamlandy

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan ekişi martyň birinji ýarymynda üstünlikli tamamlandy. Ekiş ýokary derejede guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Bu ýyl welaýatda öten ýylkydan iki esse diýen ýaly uly meýdana sogan ekildi. Ekiş üçin ösen kök ulgamy dürli howa şertlerine durnukly bolmaga mümkinçilik berýän, ýerli howa şertlerinde we bu ýere mahsus toprakda ösüp ýetişmäge gowy uýgunlaşan dürli seçime degişli düýp sogan sortlary ulanyldy.

Welaýatyň Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplarynda sogan ekmek üçin iň uly meýdanlar bölünip berildi. Bu etraplarda degişlilikde 550 (bäş ýüz elli) we 490 (dört ýüz togsan) gektara ekildi.

Belläp geçsek, Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da sogan önümçilgi esli artdy. Welaýatda her ýyl güýzlük sogan ekişi-de geçirilýär, soňky ýyllarda bolsa bu ýerde gyşlyk sogany ösdürip ýetişdirmek-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.