logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Daşoguzdaky hojalyklarda öý towşanlary köpeldilýär
  22.02.2023
1499
Daşoguzdaky hojalyklarda öý towşanlary köpeldilýär

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda hem öz mellek ýerlerini, kömekçi hojalyklaryny netijeli ulanyp, ekerançylyk, maldarçylyk önümlerini öndürip, gowy girdeji gazanýan maşgalalar az däl. Aýratyn hem soňky döwürde bedene, käkilik, gaz ýaly guşlary, öý towşanlaryny köpeltmek bilen gyzyklanýanlar bu ugurda zähmet üstünliklerini gazanýarlar.

Boldumsaz etrabynyň Gubadag geňeşliginden Aşyr Töräýew öý towşanlaryny köpeltmekde baý tejribe toplan adamlaryň biri. Ol öý towşanlaryny idetmek bilen, gowy girdeji hem gazanýar. Öý towşanlaryny idetmek, köpeltmek bilen gyzyklanyp, onuň ýanyna gelýänler juda kän.

Şol etrabyň Bereketli geňeşliginden Durdynepes Posmanow hem ençeme ýyllardan bäri towşan idedip gelýär. Indi onuň hem köp sanly şägirtleri bar. Onuň göreldesine eýerýänleriň sany bolsa barha artýar.

Durdynepes diňe bir towşanlaryň sanyny köpeltmek bilen meşgullanman, eýsem, olaryň tohumçylygyny gowulandyrmak barada hem aladalanýar. Soňky döwürde towşan idedijiler onuň «gigant» ýaly görnüşlerini köpeltmeklige aýratyn uly üns berýärler.