logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
  30.03.2022
1257
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

30-njy martda  Daşoguz welaýatynyň daýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Mälim bolşy ýaly, welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar.

Gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Welaýatda şu ýyl 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ekiş üçin demirgazyk sebitiň daýhanlary pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “F-149”, “Ýolöten-39” ýaly görnüşlerini ýetişdirdiler.

Belläp geçsek, Daşoguz welaýatynda ýerleri ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň uly toplumy, ýagny ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2552-si bar. Şolaryň aglabasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “John Deere” we “CLAAS” kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlardyr.