logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Daýhandan hereket, ýerden bereket
  21.06.2021
664
Daýhandan hereket, ýerden bereket

Ýakynda asylly däbe görä, hormatly ýaşulular “Çäjiňe bereket” diýen hoşniýetli sözler bilen galla oraga başladylar. Tejen etraby boýunça 42 müňden gowrak meýdana bugdaýyň  “Batko”, “Kalym” we “Bagrat” ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Tejen etraby boýunça galla oragy möwsüminde daşary ýurtlarda öndürilen kuwwatly “CLAAS”, “Jonh Deere” ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlary işledilýär. Bu işler iki çalşykda, gije-gündüziň dowamynda alnyp barylmagy, galla hasylynyň ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Tejen etrabynyň edermen gallaçylary ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga wagtda, zaýasyz ýygnap almak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýy çalt, ýitgisiz ýygnamak we kabul ediş nokatlaryna daşamak ýaly asylly işe gatnaşyjylar zähmet üstünliklerine galkyndyrýar.

 Gallaçylar häzirki günlerde yhlasly zähmeti ildeşlereimiziň saçagyna rysgal-bereket bolup dolar. Bu hakykata oňat düşünýän etrabyň edermen gallaçylary bugdaýyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnamagy we Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatly hyjuwy bilen iş depginde barha ýokarlandyrýar.