logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Dekabr aýynda ýurdumyzyň iki ýokary okuw jaýynda halkara olimpiada geçiriler
  19.11.2022
1259
Dekabr aýynda ýurdumyzyň iki ýokary okuw jaýynda halkara olimpiada geçiriler

18-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Prezidentine dekabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilen halkara olimpiadalary barada hasabat berildi.

Şuňa laýyklyk-da, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5-7-nji dekabr aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Geçiriljek halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.