logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Demirgazyk Goturdepe känindäki guýudan «gara altynyň» kuwwatly akymy alyndy
  25.05.2023
739
Demirgazyk Goturdepe känindäki guýudan «gara altynyň» kuwwatly akymy alyndy

Golaýda, Demirgazyk Goturdepe käninde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň işgärleri tarapyndan burawlanan № 392 guýusyndan 4 müň 740 metr çuňlukdan «gara altynyň» kuwwatly akymy alyndy. Ulanyşa girizilen guýynyň nebiti günde 57 tonnadan gowrakdyr.

«Ýugneftegaz» ukrain kompaniýasy bilen şertnamanyň esasynda bu guýynyň buraw işleri döwrebap buraw enjamlary arkaly geçirildi. Şol bir wagtda, buraw işleriniň barşynda birnäçe nebit plastlarynyň üsti açyldy. Bu bolsa, bir plastda çig mal tükenen halatynda, nebiti beýleki gatlaklardan alyp boljakdygyny aňladýar. Şunlukda, guýynyň ulanyş möhleti 15-20 ýyla barabar bolar.

Bu guýy fontan usuly arkaly ulanylýar, bu bolsa ykdysady taýdan bähbitlidir. Häzir bu ýerde taslama çuňlugy 4 müň 750 metr bolan № 365 guýuda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze guýular hem öndürijilikli bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda «Goturdepe» buraw işleri müdirligi dag magdanlaryny burawlamak boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip, umumylykda 17 müň 550 metr burawlady. Şol bir wagtda burawlanan bäş sany guýynyň üçüsi senagat guýusy bolup durýar.

 

Pirguly ÝALKAPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.