logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Demirgazyk welaýatyň daýhanlary 4 müň 400 gektar ýere ýazlyk sogan ekerler!
  29.03.2023
1151
Demirgazyk welaýatyň daýhanlary 4 müň 400 gektar ýere ýazlyk sogan ekerler!

Demirgazyk welaýatyň daýhanlary gök hem bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin-de ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini talabalaýyk berjaý etdiler. Üstümizdäki ýylda welaýat boýunça 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekmek hem-de şonça ýerden 123 müň 200 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem şu ýyl 4 müň 400 gektar ýerde ýazlyk sogan ekiler. Ussat ýer eýeleri şonça meýdandan 110 müň tonna hasyl öndürmegi maksat edinýärler. Üstümizdäki ýylda 970 gektara barabar meýdanda pomidoryň, 100 gektar ýerde hyýaryň, 780 gektarda sarymsagyň, 730 gektar meýdanda käşiriň, 385 gektar ýerde hem kelemiň bereketli hasylyny ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.