Taryhda türkmen jemgyýetinde oba jemagatynyň orny aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Bu jemagat bitewi döwletiň ýok şertlerinde esasy wezipäni amal edipdir. Olar gadym zamanlardaky ýaly ýönekeý gurama bolman, jemgyýetde durmuş deňsizliginiň has güýçli döwründe netijeli iş alyp barýan gurama öwrülipdir. Şeýlelikde, dowam edýän adatyň we kada-kanunlaryň esasynda bütin ilatyň agzybirligi üpjün edilipdir.
Türkmen jemgyýetiniň dolandyryş ulgamynda iň ýokary edara Maslahat bolupdyr. Maslahat saýlawly edara bolup, onuň düzümine, esasan, taýpa hanlary, serdarlary, miraplar, kethudalar we ýene-de ençeme atly-abraýly ynsanlar giripdir.
Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyna daýanyp, milli däp-dessurlaryna, milli aňyýetine, durmuş tejribesine, taryhyna, mirasyna we milli häsiýetine esaslanýan, demokratik, dünýewi we hukuk döwletini berkarar etmek mümkinçiligini eçildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçirilen mejlisi halk demokratiýasynyň we halk häkimiýetiniň milli ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmasyna, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşmeginiň nyşanyna, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň mizemezliginiň hem-de geljekki ösüşiniň kepiline öwrüldi.
Alihan AHMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.