logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /DEŇIZ HORAZY
  24.04.2023
1177
DEŇIZ HORAZY

Dünýäniň dürli deňizlerinde ýaşaýan bu balyklar bedeniniň we ýüzgüçleriniň haýran galdyryjy owadan reňkleri bilen tapawutlanýar. Adaty durmuşymyzda görýän guş horazlary bilen esasy meňzeşligi nagyşly uçýan ganatlaryndadyr. Deňiz horazlary Gara deňziniň täsin we üýtgeşik jandary hasaplanýar. Gara deňziniň golaýyndaky ýaşaýjylary bu  üýtgeşik alty aýakly balygy gündelik durmuşynda görýärler. Diňe bir Gara deňzinde bolman eýsem Ortaýer, Azow, Baltika deňizlerinde hem giňden ýaýrandyr. Deňiz horazlarynyň agramy 5-5,5 kg uzynlygy bolsa ýarym metr we käbir ýagdaýlarda ondan hem geçýär. Bu balyklaryň uly maňlaýy we gözleri bar. Balyklaryň göwresi guýruga has ýakyn bolup, öwüsýän goňur gyzyl reňke boýalýar. Onuň esasy üýtgeşik tarapy bedeniniň aşak tarapynda «aýaga» meňzeş jübüt ösüntgileriniň barlygyndadyr. Ol «aýaklar» balyklara suwuň düýbünde iýmit gözlemäge we hereket etmäge ýardam berýär.

Deňiz horazlary suwuň üstünde hem arkaýyn hereketlenmäge ukyplydyr, hat-da olar suwdan ýokarlygyna böküp 4 sekuntda 20 metr belentlige uçup bilýärler. Olaryň uçuş tizligi sagatda 40 km çenli bolup bilýär. Deňiz horazlary adatça gün ýaşandan soň, gijelerine uçýarlar. Olar beýle dowamly uçuşlary bilen lezzet alýarlarmy? Bu bolsa belli däl. Belkem olar aw awlamak maksady bilen, olara iýmit bolýan ownujak balyklaryň üstünden böküp geçýän bolsalar gerek.

Deňiz  horazlary ýyrtyjydyr. Diňe bir ownuk balyklary awlamak bilen çäklenmän, eýsem oňurgasyzlary, ownuk kepjebaşlary, molýuskalary iýýärler. Käbir görnüşleri üýtgeşik haýbatlandyryjy «gykylykly» sesleri çykarmaga ukyplydyr. Bu ýagdaýa esasan olaryň köpeliş döwürlerinde gözegçilik etmek bolýar. 

 

Maýa SAPAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.