logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Deňiz suwundan wodorod öndürmek işi ýola goýuldy
  06.04.2023
720
Deňiz suwundan wodorod öndürmek işi ýola goýuldy

Daşky gurşawy hapalamaýan arassa energiýa çeşmeleriniň biri hem wodorod gazydyr. Wodorod kislorod bilen täsirleşmä girip, ýananda, köp mukdarda energiýa çykýar we daşky gurşawa zyýansyz suw molekulalary ýaýraýar.

Şeýle-de bolsa, wodorodyň sarp edilmegi daşky gurşawa zyýan bermese-de, häzirki wagtda öndürilýän wodorod gazynyň esasy çeşmesi gazylyp alynýan ýangyçlar bolup durýar. Bu ýagdaý wodorod gazy öndürilende köp mukdarda kömürturşy gazynyň atmosfera çykmagyna sebäp bolýar we şeýlelik bilen global ýylylyga sebäp bolýar.

Wodorod gazyny öndürmegiň usullaryndan biri suwy onuň düzüm böleklerine bölmekdir. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda ulanylýan usullaryň hemmesi çylşyrymly we gaty gymmat.

Wodorodyň ekologiýa taýdan arassa we durnukly energiýa çeşmesi bolmagy üçin önümçilik wagtynda daşky gurşawa zyýan ýetmeli däl we gymmatly süýji suw çeşmeleri sarp edilmeli däldir.

Awstraliýadaky Melbourne Tehnologiýa Institutynyň hünärmenleri bu meseläniň çözgüdini tapdylar. Ýagny hünärmenler deňiz suwundan aňsatlyk bilen wodorod öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň üçin deňiz suwlaryny arassalamagyň zerurlygy ýok we goşmaça önüm hökmünde zäherli hlor gazy öndürilmeýär. 

 

Aýmyrat GURBANMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.