logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Deňizdäki suwuň mukdary ýokarlanýar. Panama adasynyň ýaşaýjylary göçýärler!
  09.11.2022
1151
Deňizdäki suwuň mukdary ýokarlanýar. Panama adasynyň ýaşaýjylary göçýärler!

«Gardi Sugdub» adasynyň 1200 ýaşaýjysy Karib deňzindäki suwuň mukdarynyň ýokarlanmagy sebäpli öýlerini terk etmäge taýynlanýarlar. Bu Latyn Amerikasyndaky howa krizisi sebäpli ilkinji köpçülikleýin göçüş bolar.

Müsürde geçirilen «COP 27» sammitinde ara alnyp maslahatlaşylyşy ýaly ýerli Guna halky, Latyn Amerikasynda howa krizisi sebäpli ilkinji köpçülikleýin göçmäge mejbur edýän jemgyýet bolup durýar. Adanyň ilaty geljek ýylyň ahyrynda La Barriada şäherindäki häzirki zaman öýlerine göçerler.

«Gardi Sugdub» - Blas arhipelagyny emele getirýän 365 adanyň biri bolup durýar. Adada 30 müň Guna halky ýaşaýar. Beýleki adalar hem çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup, köpüsiniň şu asyryň ortalaryna çenli suwuň aşagynda galmagyna garaşylýar.