logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Deputatlar ilatyň arasynda
  04.11.2020
743
Deputatlar ilatyň arasynda

      Şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ýerlerde bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň çözgütlerini wagyz etmek we ilata düşündirmek maksady bilen, ildeşlerimiziň arasynda duşuşyklary geçirýärler. Baý many-mazmunly duşuşyklara jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri işjeň gatnaşýar.

       Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde  bolan duşuşyk örän täsirli boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Annamuhammet Sarjaýewiň, Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri Möwlam Öräýewiň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Halk Maslahatynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça kabul edilen çözgütleriň many-mazmuny we şolary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.

       Deputatlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Palatalarynyň wezipesi hem-de düzümi dogrusynda hem durup geçmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy, ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda ajaýyp işleri durmuşa geçirilýändigi üçin ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.