logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi
  13.03.2025
1970
Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda 11-12-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň rus dili dersiniň döwlet tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň, eminler toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Soňra bolsa institutynyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Ders bäsleşigine gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.