logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat geçirildi
  06.08.2022
893
Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň mejlisler jaýynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat, welaýat we Ak bugdaý etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa döwlet elektrik stansiýanyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahatda edilen çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlerdir özgertmeleriň bolup geçýändigi, gurluşyk we senagat pudaklarynda hem belent sepgitlere ýetilýändigi dogrusynda belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň öňdebaryjy işçi-hünärmenleriniň uly toparyna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hormat hatlarydyr baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.