Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«Dewisiň kubogy» hakynda bilmek gyzykly
  09.01.2023
996
«Dewisiň kubogy» hakynda bilmek gyzykly

- Dewisiň kubogyna gatnaşan ilkinji ýurt Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Britan adalarydyr.

- Dewisiň kubogynyň ilkinji ýeňijisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr.

- Ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýan kümüş kubogy D.Dewis ýörite 1000 amerikan dollaryna taýýarladypdyr. 

- Amerikada 1900-njy ýylyň 8-nji awgustynda ilkinji gezek «Uly tennis boýunça halkara ýaryş»  ady bilen tennis boýunça toparlaýyn ýaryş geçirilýär.

- Ýaryşyň taryhynda iň uzaga çeken duşuşyk 2015-nji ýylda Braziliýada geçirilen Maýer bilen Souzanyň arasynda bolup, oýun 6 sagat 43 minuda dowam edipdir.

- Dewisiň kubogynda iň ýokary tizlikli urgy 253 km/sag deň bolup, bu görkeziji Jon Iznere degişlidir.

- Ýaryşyň taryhynda hemme bäsleşiklerde yzygiderli çykyş edip gelýän iki döwlet Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Çehiýadyr.

- Dewisiň kubogyny almak ugrunda geçirilýän ýaryşlarda dünýäniň ilkinji 10-lugyna girýän döwletler: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Russiýa, Çehiýa, Italiýa.

- Dewisiň kubogynyň 100 ýyllygyna 129 döwletden ussat tennisçiler gatnaşypdyr.

- 1945-nji ýylda ýaryşyň ady D.Dewisiň hatyrasyna «Dewisiň kubogy» diýen at bilen atlandyrylypdyr.

- Oýunçylaryň arasynda iň ýaş we ýaşuly oýunçy 66 we 13 ýaşynda bolup, olaryň ikisi hem bir San-Marino döwletindendir.

- D.Dewis ýaryşyň düzgünlerini düzmäge hem işjeň gatnaşypdyr.

- Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmek baradaky teklibi öz wagtynda Garward uniwersitetiniň talyplary öňe sürüpdirler.

- 1905-nji ýylda geçirilen ýaryşa başga ýurtlardan hem gyzyklanma bildirýän tennisçiler gatnaşyp başlapdyrlar. 

 

Kakamyrat BABAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.