logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Dil bilen dünýäni gezer
  18.01.2024
742
Dil bilen dünýäni gezer

Türkmen halky “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna uly hyjuw, egsilmez yhlas bilen gadam basdy. Günsaýyn gülleýän eziz ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilimde taplanmaklaryna, hünär endiklerini kämil ele almaklaryna döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirip, dünýä dillerinde suwara gürläp başarmaklary olardan edilýän möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Çünki, dürli dillerdäki ylmy çeşmeleri özleşdirmeklik üçin daşary ýurt dillerini bilmeklik ilkinji nobatdaky zerurlykdyr.

 

 

Häzirki wagtda bakja bagynda terbiýelenýän kiçi ýaşly çagalardan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp-ýaşlaryň dillere bolan taýýarlygy, olary okatmaklygyň usulyýeti barha kämilleşdirilýär. Daşary ýurt dillerini okatmakda, dünýä tejribesi giňden peýdalanylýar. Bu bolsa dilleriň öwredilişini hil taýdan ýokary derejä çykarýar.  

 

 

Taryhyň çarkandakly ýollaryndan hem mälim bolşy ýaly, dil islendik döwürde ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi bolup hyzmat edipdir. Dil bilmeklik kämilligiň gözbaşy, mizemez binýady hasaplanýar. Özge halklaryň dillerini öwrenmeklik bilen biz dünýäde ylmyň ösmegine, halklaryň dostlaşmagyna özboluşly goşandymyzy goşýarys.

 

 

Jemşit AWEZMURADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.