logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Dil öwrenmek baýlyk
  07.06.2023
1039
Dil öwrenmek baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirip bilmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olar dürli ugurlar boýunça öz saýlan hünärlerini ele alýarlar hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Dil bilýän ýaş hünärmenler ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, daşary ýurt tejribelerini toplamakda giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Bu günki gün türkmen ýaşlary dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli dillerde suwara gürleşmegi başarýarlar.

2017-nji ýylda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklaryndan başga-da fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý dilleri orta mekdepleriň maksatnamalaryna goşuldy.

Köp dil bilmek baýlykdyr, ruhy kämillikdir. Bu gün Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ojaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi ýaşlara öwredilýän dilleri tiz özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite gollanmalaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu babatda okuw maksatnamalarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär.

Ýaşlaryň giň gözýetimli, sowatly, öz käriniň eýeleri bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilik döredýän hormatly  Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Serdar MUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.