logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Dil öwrenmek – dünýä çykmak
  27.02.2023
1371
Dil öwrenmek – dünýä çykmak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmek we onuň dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmekligini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerine bolan sowatlylygyny ösdürmeklik ugrunda oňyn netijeler gazanylýar. Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, ökde hünärmenler bolup ýetişmegine bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär. Döwletimizde daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişine goşandyny goşandyny goşýan köp sanly dil merkezleri hem hereket edýär. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmekligine, suwara hem-de erkin gürläp bilmek mümkinçiligine eýe bolmaklaryna uly şert döredýär. Bu ugurda hünärmenleriň ýokary dil taýýarlygynyň we baý tejribesiniň bolmaklygy zerur görkezijidir. Gurlup ulanylmaga berilýän ak mekdepleri, ösen tehnologiýaly ýokary okuw jaýlary talabalaýyk derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary bilen üpjün edilýär. Döwrüň özgermegi, ösmegi, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky at-abraýynyň artmagy, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmeklerini talap edýär. Ýokary dil taýýarlygynyň bolmaklygy hünärmenler üçin artykmaçlyk bolup, ol her hünärmen üçin bu ugurda giň şert-mümkinçilikleri açýar. Watanymyzda daşary ýurt dillerini öwrenmekde göz öňünde tutulan ähli çäreleriň berjaý edilmegi, hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmaklygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak we ony ösen tehnologiýalaryň, enjamlaryň üsti bilen utgaşyklykda alyp barmak esasy görkezijidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan şeýle giň möçberli çäreler bolsa döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesidir.

 

Akgül ALLAÝAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.