logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Diller dünýä ýol açýar
  13.10.2022
893
Diller dünýä ýol açýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan ösüşe eýe bolup, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barada gürrüň edilende, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, bu Konsepsiýa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edildi. Bu Konsepsiýa kabul edileni bäri geçen döwürde ony durmuşa geçirmek üçin köp işler edildi.

Daşary ýurt dilini öwretmekde täze tehnologiýalary, usullary peýdalanmak oňat netije berýär. Munuň özi häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde-de möhüm şertleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, okuw işine maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, has takygy, daşary ýurt dilini okatmagyň kömekçi serişdeleri hökmünde häzirki zaman multimedia tehnologiýalaryny we interneti ulanmak zerurdyr. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio hem-de wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary we beýlekiler daşary ýurt dilini öwrenýänlere doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýäniň köp sanly döwletleri, abraýly halkara we sebit guramalary bilen dostlukly, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Ine, şunuň özi hem ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmegiň we bu ugurdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny görkezýär. Halk pähiminde aýdylyşy ýaly, diller dünýä ýol açýar.

Dil ruhy hazynadyr. Dilimiziň baýlygy ilimiziň baýlygydyr. Ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başlary aman bolsun!

 

Gülälek NURMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
uly mugallymy.